Türkmenistanda «Arkadag» futbol kluby döredildi

14:3401.04.2023
0
58850

Türkmenistanda ýene bir täze futbol kluby döredildi. «Arkadag» diýlip atlandyrylýan klub adybir şähere wekilçilik eder.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň konferens-zalynda geçirilen nobatdan daşary konferensiýa täze döredilen «Arkadag» futbol klubuny TFF-niň agzalygyna kabul etmek bilen bagly boldy. Geçirilen ses berlişigiň netijesinde «Arkadag» futbol kluby biragyzdan Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna agzalyga kabul edildi.

Onuň yzysüresi geçirilen TFF-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda täze döredilen «Arkadag» futbol klubuny Türkmenistanyň futbol çempionatyna hem-de Kubogy ugrundaky bäsleşige goşmak barada karara gelindi.

Şeýle-de, TFF-niň ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň, Kubok bäsleşiginiň hem-de ýaşlar toparlarymyzyň gatnaşmagynda geçiriljek ýaryşyň geçiş tertipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň