Soňky habarlar

Arhiw

SSKA Süleýman Muhadowyň topara goşulandygyny habar berdi

17:4431.03.2023
0
35663

Täjigistanyň SSKA futbol topary türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi.

«Biziň toparymyza hüjümçi Süleýman Muhadow goşuldy. Süleýmana üstünlik we SSKA-nyň janköýerleriniň arasynda abraý gazanmagyny arzuw edýäris» diýip, Duşenbe şäherine wekilçilik edýän toparyň metbugat gullugy ýazdy.

29 ýaşly Muhadow topara «Hujanddan» goşuldy. Onuň täze topary Täjigistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsümini bäşinji orunda tamamlady.

Täjigistanda täze möwsüme 1-nji aprelde badalga berilýär. Möwsümde çempionlyk üçin 10 topar ýaryşar, SSKA-da şolaryň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň