Soňky habarlar

Arhiw

Ajaý Banga Bütindünýä bankynyň prezidenti wezipesine bellenip biler

17:2031.03.2023
0
39808
Ajaý Banga Bütindünýä bankynyň prezidenti wezipesine bellenip biler
Surat: google.com

«Mastercard» maliýe edarasynyň öňki başlygy Ajaý Banga Bütindünýä bankynyň prezidenti bolar, bu barada ABŞ-nyň maliýe ministri Janet Ýellen çaklama aýtdy diýip, «Financial Times» neşirine salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.

BB-niň ýolbaşçysy wezipesine dalaşgärleri hödürlemek 29-njy martda tamamlandy, şol wagt diňe Banganyň kandidaturasy bellidi diýip, Ýellen nygtady.

Bütindünýä bankynyň häzirki başlygy möhletinden bir ýyl öň iş başyndan gitmekçi bolýar, ol 2022-nji ýylyň sentýabrynda daşky gurşawyň hapalanmagyna adamyň täsiri barada sowala jogap bermekden ýüz öwrensoň, berk tankyda duçar bolupdy.

«Financial Times» gazeti soňky hepdelerde Banganyň Bütindünýä bankynyň wezipesindäki işinde zerur bolan maglumatlary toplaýandygyny ýazýar.

Banga Hindistanda doguldy, ol Amerikanyň raýatydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň