Turkmenportal logo
31.03.23
5976559765
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-britan hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen-britan hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusia Waýld bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.


Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-britan hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.


Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini belläp, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleriň dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtady. Bu babatda parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi üçin gyzyklanma bildirildi.


Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň işine ähmiýetli orun berilýändigi bellenildi. Onuň ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen bagly pikir alyşmak üçin wajyp meýdança bolup durýandygy nygtaldy.


Türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde ylym, bilim ulgamlaryndaky hem-de saglygy goraýyş, lukmançylyk, daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky özara hereketler beýan edildi.