Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylda Russiýa talyp hakly okuwa kabul edilýän türkmenistanly talyplaryň sany iki esse artdyrylar

12:4531.03.2023
0
62046

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Russiýa Federasiýasynyň Bilim we ylym ministrligine Russiýanyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine talyp hakly okuwa kabul edilýän türkmenistanly talyplaryň sanyny şu ýyl 500 orna çenli artdyrmak babatda ýüz tutdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewanyň sözlerine salgylanyp TASS habar berýär.

Ýuliýa Zaýsewanyň sözlerine görä, häzirki okuw ýylynda 250 sany türkmenistanly talyp Russiýanyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine talyp hakly okuwa kabul edildi. Degişli ugurda ýüz tutanlaryň sany bolsa 2 müňden geçdi.

«Türkmenistandan gyzyklanmanyň köpdügi nazarda tutulyp, bu görkezijini 500-e çenli artdyrmak üçin türkmen tarapyna ýüz tutuldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi Russiýa Federasiýasynyň Bilim we ylym ministrligine şeýle teklip bilen ýüz tutdy» diýip, Ýuliýa Zaýsewa belleýär.

Netijede türkmen raýatlarynyň Russiýa Federasiýasynda orta hünär we ýokary bilimi, hem-de goşmaça hünär bilimini almak üçin okuwa kabul edilmeli sany artdyrylar. Häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamakda lukmançylyk we döredijilik ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Şu ýyl ilkinji gezek Russiýanyň Transport ministrliginiň üsti bilen täze hünärler hem goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň