Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Galyndysyz dünýä boýunça BMG-niň maslahatyna gatnaşdy

11:4331.03.2023
0
44276
Türkmen wekiliýeti Galyndysyz dünýä boýunça BMG-niň maslahatyna gatnaşdy
Surat: un.mission.gov.tm

BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň zyňyndylaryň derejesini nola çenli azaltmak boýunça ýokary derejeli ýygnagy geçirildi. 30-njy martda geçirilen maslahata, ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň wise-prezidenti hökmünde Türkmenistanyň başlyklyk eden bu ýokary derejeli ýygnagyna BMG-niň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy hanym Emine Ärdogan, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-Habitat) ýerine ýetiriji direktory hanym Maýmunah Mohd Şarif, agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleri, şeýle hem BMG-niň degişli ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ýokary derejeli ýygnakda eden çykyşynda Türkiýe Respublikasyna çäräni guramak we zyňyndylaryň derejesini nola çenli azaltmak maksatlaryna ýetmegiň hatyrasyna bütindünýä işini geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirdi we bu babatda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem ol Türkmenistan tarapyndan ilatly ýerlerde galyndylary dolandyryş ulgamlaryny döretmek, öý we senagat galyndylaryny zyňmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak we oba ýerlerini ösdürmek boýunça milli derejede görlen çäreler hakynda belläp geçdi.

Bu ugurda Türkmenistanda gurluşygy ýokary depginde dowam edýän täze Arkadag şäheri «ýaşyl» tehnologiýalaryň, häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa binagärligiň we gurluşyk materiallarynyň öňdebaryjy usullaryna, şeýle hem şäher galyndylaryny nola çenli azaltmak ýörelgesine esaslanýan özgerişleriň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda galyndysyz şäherler düşünjesini wagyz etmegi bu babatda amaly netijeleri gazanmagyň esasy bölegi we öňde duran maksatlara ýetmegiň netijeli guraly hasaplaýandygy nygtaldy.

Düýn günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Galyndysyz dünýä boýunça halkara gününe bagyşlanan we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-Habitat) Türkiýe Respublikasynyň hökümeti bilen bilelikde guramagynda geçirilen çärä gatnaşdy. Bu çäräniň çäginde täze Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Onda, hususan-da, şäherde ulanylýan häzirki zaman galyndysyz tehnologiýalary, «akylly» ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny hem-de daşky gurşawyň innowasiýa çözgütlerini görkezmäge aýratyn üns berildi.

***

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa saparynyň çäklerinde 29-njy martda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa German, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa we Amerika ýurtlarynda syýasy meseleler boýunça kömekçisi jenap Miroslaw Ýença bilen duşuşyklary geçirdi.

Geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary türkmen wekiliýetiniň mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň sebitde we onuň daşynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň