Soňky habarlar

Arhiw

Pakistan Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

18:0930.03.2023
0
36556
Pakistan Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Surat: mfa.gov.tm

Pakistan tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Haýber Pahtunhwa welaýatynyň hökümetiniň senagat, söwda, tehniki bilim we girdeji ministri Muhammet Adnan Jalil bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Adnan Jalil Haýber Pahtunhwa welaýatynyň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýa ýurtlary, aýratyn-da, Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Pakistandan Türkmenistan serhedine iň gysga ýoluň bu welaýatdan geçýändigini belläp, Türkmenistanyň ilçisini Peşawara baryp görmäge we iki ýurduň arasyndaky söwdany giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen içgin tanyşmaga çagyrdy.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň, esasan hem ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdany ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň