Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin Durnukly ösüş boýunça 10-njy forumda çykyş etdi

14:3030.03.2023
0
54479

Türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 27 — 30-njy marty aralygynda Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilýän Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin Durnukly ösüş boýunça 10-njy forumynyň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Malaýziýadaky diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Forumda Türkmenistana ýurduň Malaýziýadaky, şol bir wagtda Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş geňeşiniň (UNESCAP) Türkmenistandan hemişelik wekili Muhammetnyýaz Maşalow wekilçilik etdi. Forumyň dowamynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitleriniň ýurtlarynda durnukly ösüşi gazanmak babatda alnyp barylýan işler, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy ugurlary barada pikir alşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow, şol bir wagtda Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň