Soňky habarlar

Arhiw

Gülälek Kakamyradowa bürünç medal gazandy

13:1530.03.2023
0
52690

Durres şäherinde (Albaniýa) geçýän ýetginjekleriň arasyndaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 64 kilogram agram derejesinde bäsleşýän Gülälek Kakamyradowanyň çykyşy tamamlandy.

Gülälek ştangany birden galdyrmak bäsleşigindäki synanyşyklaryny şowly jemledi. Zehinli türkmen gyzy 88 kilogram agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden geldi. Onuň bu görkezijisi şu görnüş boýunça bürünç medaly getirdi. Gülälegiň netijesi diňe tailandly ýetginjek Tanaporn Seatiniňkiden (93 kg) hem-de gazak türgeni Taissiýa Alekseýewanyňkydan (89 kg) azlyk etdi.

Onuň itekläp götermekdäki netijesi 101 kilograma deň boldy. Türkmen gyzy bu agyrlygy ikinji synanyşygynda boýun egdirdi. Üçünji synanyşygynda bolsa Gülälege 106 kilogram agyrlygy galdyrmak başartmady. Şeýlelikde, 101 kilogramlyk görkezijisi onuň itekläp götermekde bäşinji orny eýelemegini şertlendirdi.

Türkmenistanly türgen iki görnüşiň jemi boýunça hem 189 kilogram netije bilen bäşinji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň