Turkmenportal logo
30.03.23
4431644316
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň pensiýa we beýleki tölegleri rublda alyp bilmeklerine mümkinçilik berýän kanuna gol çekildi
Russiýanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň pensiýa we beýleki tölegleri rublda alyp bilmeklerine mümkinçilik berýän kanuna gol çekildi

Daşary ýurtlarda ýaşaýan Russiýanyň raýatlary indi pensiýa we beýleki tölegleri Russiýada ýa-da daşary ýurtlarda açylan bank hasaplarynda rublda alyp bilerler. Degişli karara Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin gol çekdi.


Pul geçirmek üçin ýüz tutujy Russiýada karz edarasy ýa-da ýurduň daşynda ýerleşýän karz edarasy bilen açylan bank hasabynyň jikme-jikliklerini görkezýän arzany tabşyrmaly bolar.


Russiýanyň kanunçylygyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň raýatlary daşary ýurt döwletiniň çäginde hemişelik ýaşaýan we zerur sebäpleri bolan raýatlary ýaşaýan ýerlerinde pensiýa almaga haklydyr.