Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa Bileleşiginde oba hojalyk önümleriniň nyrhy 26 göterim gymmatlady

11:1430.03.2023
0
26859
Ýewropa Bileleşiginde oba hojalyk önümleriniň nyrhy 26 göterim gymmatlady
Surat: trend.az

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda oba hojalyk önümleriniň satuw nyrhlary 2022-nji ýylda, 2021-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, ortaça 26 göterim gymmatlady. Bu barada «Ýewrostat» edarasy habar berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Trend» ýazýar.

Şunda nyrhlaryň iň ýokary derejesi geçen ýylyň üçünji çärýeginde hasaba alyndy, şo döwürde 2021-nji ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, bahalar 30 göterim gymmatlady. Esasan hem, ýumurtga hem-de doňuz eti gymmatlady, bu degişlilikde, 64 we 52 göterime deň boldy.

Bahalar aýratyn-da Wengriýada (+53 göterim), Polşada (+44 göterim) we Germaniýada (+38 göterim) ösüş görkezdi. Iň pes ösüş Maltada (+4 göterim), Fransiýada (+14 göterim), Italiýada we Kiprde (+15 göterim) hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň