Turkmenportal logo
30.03.23
2305223052
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BSGG: Azerbaýjan we Täjigistan gyzzyrma keselini ýeňdi
BSGG: Azerbaýjan we Täjigistan gyzzyrma keselini ýeňdiSurat: 24.kz

Azerbaýjan we Täjigistan gyzzyrma keselinden azat ýurtlaryň we çäkleriň 42-siniň sanawyna girdi. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmenleri habar berdi diýip, «Habar 24» ýazýar.


Habarda bu ýurtlarda gyzzyrma bilen kesellänleriň eýýäm üç ýyl bäri hasaba alynmandygy aýdylýar.


Guramanyň maglumatlaryna görä, dünýäde 42 ýurt we bir çäk BSGG tarapyndan gyzzyrmadan azat diýlip yglan edildi, olaryň 21 sanysy Ýewropa ýurtlarydyr.