2-nji aprelde Gyrgyzystanyň futbol çempionatyna badalga berler

19:4029.03.2023
0
24770

2-nji aprelde Gyrgyzystanyň futbol boýunça 32-nji çempionatyna badalga berler. Bu barada ýurduň Prefessional futbol ligasynyň resmi saýty habar berýäär.

Üç aýlawdan ybarat boljak ýaryşa 10 topar gatnaşar. Olar Kant şäheriniň «Abdyş-Ata», Oş şäheriniň «Alaý» we «OşMU-Aldiýer», Bişkegiň «Alga», «Dordoý», «Ilbirs», Kara-Balta şäheriniň «Kara-Balta», Jalal-Abadyň «Muras Ýunaýted», Goçgarata şäheriniň «Neftçi» we Çuý welaýatynyň Beş-Kungeý şäheriniň «Talant» futbol toparlarydyr.

Gyrgyz çempionatynyň şu möwsüminde türkmenistanly futbolçylaryň ikisiniň oýnuna janköýerlik edip bileris. Düzüminde hüjümçi Myrat Ýagşyýew hem bolan «Neftçi» möwsümiň ilkinji duşuşygyny 4-nji aprel güni «Ilbirs» bilen geçirer.

Teýmur Çaryýewiň «Abdyş-Atasy» bolsa 2-nji aprel güni Kant şäherinde «Talant» bilen güýç synanyşar.

«Abdyş-Atanyň» 2022-nji ýylda ýurduň çempiony bolandygyny ýatladýarys. Geçen möwsümde ikini orny Oş şäheriniň «Alaýy», üçünji orny bolsa Bişkegiň «Algasy» eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň