Turkmenportal logo
29.03.23
6488164881
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdan Londona uçuşlar üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda petekler satuwa çykaryldy
Aşgabatdan Londona uçuşlar üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda petekler satuwa çykaryldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda Aşgabatdan (Türkmenistan) Londona (Beýik Britaniýa) awiapetekleriň satuwyna başlady.


Saýtdan petekleri diňe Aşgabat (ASB) — London (STN) ugry boýunça uçuşlar üçin satyn alyp bilersiňiz. Iň ýakyn gidiş güni 5-nji aprel, petegiň bahasy 8706 manat. Görkezilen baha habar ýaýradylan gününden güýje girýär. Petekleri «Altyn Asyr» bank karty arkaly onlaýn satyn alyp bolýar.


20-nji martda türkmen awiakompaniýasy üç ýyllyk arakesmeden soň Angliýa yzygiderli gatnawlaryny gaýtadan ýola goýdy. Aşgabat — London (Stansted) — Aşgabat ugurlary boýunça uçuş hepdede bir gezek, çarşenbe güni amala aşyrylýar. Stansted howa menzili Londonyň 48 km demirgazyk-gündogarynda, Uttlesford sebitinde ýerleşýär.


Türkmenistan bilen Angliýanyň arasynda yzygiderli gatnawlaryň koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny ýatladýarys. Pandemiýadan öň awiakompaniýa Aşgabatdan Birmingeme (BHX) uçuşlary amala aşyrýardy. 2019-njy ýylyň fewral aýynda Aşgabat bilen Londonyň (Hitrou howa menzili) arasyndaky göni uçuşlar kesilipdi.


«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň häzirki uçuş tertibi awiakompaniýanyň web sahypasynda elýeterlidir.