Soňky habarlar

Arhiw

Fewral aýynda 1,5 müňden gowrak türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi

13:3129.03.2023
0
38092

Şu ýylyň fewral aýynda Azerbaýjana 113 müň daşary ýurtly syýahat etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 49% ýokarydyr. Bu barada Azerbaýjanyň Syýahatçylyk boýunça döwlet agentligi habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň fewral aýynda 1,5 müňden gowrak türkmenistanly syýahat etmek maksady bilen Azerbaýjana bardy.

Fewral aýynda Azerbaýjana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça Russiýa Federasiýasy (35 müň syýahatçy) öňdeligi eýeleýär. Bu ugurda ikinji orunda Türkiýäniň (23,7 müň syýahatçy), üçünji orunda bolsa Eýranyň (10,2 müň syýahatçy) ady getirilýär.

Ýeri gelende bellesek, Azerbaýjan 2022-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza bermegi täzeden ýola goýupdy. Elektron wiza adaty wizanyň ýerini tutup, ol daşary ýurtlulara Azerbaýjanyň çäginde 30 güne çenli bolmaga hukuk berýär. Türkmenistanyň raýatlary wiza almak üçin Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutup bilerler.

Azerbaýjan 2023-nji ýylyň 28-nji martyndan başlap, ýurda howa ulaglary arkaly gelýän daşary ýurtlular üçin ähli kowid çäklendirmeleri ýatyrdy. Indi bu ýurda uçarda gelen daşary ýurt raýatlaryndan waksina urlandygy baradaky şahadatnama soralmaz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň