Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan «Üç milletiň kubogynda» Hindistandan ýeňildi

10:2529.03.2023
0
18708

Gyrgyzystanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Hindistanyň ýygyndysyndan 0:2 hasabynda asgyn geldi. Duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny 34-nji minutda Sanjeş Jingan, 84-nji minutda bolsa Sunil Çetri geçirdi.

Duşuşyk 28-nji martda Imphal şäherinde «Üç milletiň kubogy» atly halkara ýaryşyň çäklerinde geçirildi diýip, Sports.kz ýazýar.

Adyndan hem belli bolşy ýaly, halkara ýaryşa Gyrgyzystanyň, Hindistanyň we Mýanmanyň ýygyndylary gatnaşdy. Gyrgyzystan birinji tapgyrda Mýanma bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Hindistan bolsa Mýanmany 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýaryşyň netijei boýunça Gyrgyzystan bilen Mýanma 1 utukdan, Hindistan bolsa 6 utuk ýygnady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň