Arhiw

Türkmen öndürijisi «Nur Plastik» polipropilenden we polietilenden öndürilen senagat gaplamalaryny hödürleýär

09:4829.03.2023
0
35109

«Nur Plastik» hojalyk jemgyýeti azyk, senagat we oba hojalygy kärhanalaryna, şeýle hem ulag we gurluşyk kompaniýalaryna ýokary hilli gaplama materiallaryny hödürleýär.

«Nur Plastik» polipropilen we polietilen torbalary, haltalary tikmek üçin matalary we ýumşak gaplar (big beg) üçin tutawaçlary öndürýär.

Senagat gaplamalary dürli önümleri: ürgün materiallary, azyk önümlerini we himiki serişdeleri çalt we netijeli gaplamaga, howpsuz daşamaga mümkinçilik berýär.

«Nur Plastik» HJ-niň wekiliniň bellemegine görä, polietilen we polipropilen gaplaryň berkligi, çyglylyga we temperaturanyň üýtgemegine durnuklylygy, şeýle hem elýeterli bahasy onuň artykmaç taraplarydyr.

Türkmen kärhanasynyň önümçilik kuwwaty aýda 300 tonna barabardyr. «Nur Plastik» önümçilik üçin Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan gönüden-göni üpjün edilýän ýokary hilli we başlangyç çig maly peýdalanýar.

«Nur Plastik» haryt nyşanly önümler Türkmenistanyň içerki bazarynda uly islegden peýdalanýar, şeýle hem Türkiýä, GDA we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär.

«Nur Plastik» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady sergä gatnaşandygyny bellemek gerek.

«Nur Plastik» hojalyk jemgyýetiniň önümleri bilen tanyşmak üçin aşakdaky aragatnaşyk maglumatlary arkaly kompaniýa bilen habarlaşyp bilersiňiz:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň