Soňky habarlar

Arhiw

Medine Amanowa Albaniýadaky dünýä birinjiliginde üç altyn medal gazandy

00:4529.03.2023
1
37474

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Albaniýada geçirilýän ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda ýene-de üç medal gazandy.

Medine Amanowa Albaniýa Durres şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda 59 kilograma çenli agram derejede itekläp götermekde 90 kilogram, silterläp götermekde 109 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 199 kilogram netije görkezip, üç sany altyn medala eýe çykdy.

Bu agram derejede kümüş medal 195 kilogram (88+107) netije görkezen Jessika Palasiosa, bürünç medal bolsa 187 kilogram (87+100) netije görkezen Enkiled Karja mynasyp boldy.

Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionaty Halkara agyr atletika federasiýasynyň goldaw bermeginde geçirilip, oňa 57 ýurtdan 268 türgen gatnaşýar. 25 martda badalga alan bu ýaryş 1-nji aprele çenli dowam eder.

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Albaniýadaky dünýä birinjiligine 9 türgen bilen gatnaşýar. Türkmen toparyna Ahmet Saryýew tälimçilik edýär.

Mundan ozal, Ogulşat Amanowanyň 45 kilograma çenli agram derejede itekläp götermekde kümüş (71 kilogram), silterläp götermekde altyn (85 kilogram) we iki görnüşiň jemi boýunça (156 kilogram) uly altyn medala mynasyp bolandygyny habar beripdik.

Mundan başga-da ýene bir türkmen türgeni Perhat Bagtyýarow hem Albaniýadaky dünýä birinjiliginde bir altyn we iki kümüş medal gazandy. Has takygy, Aşgabat şäherindäki «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Perhat Bagtyýarow 16 ýurtdan gelen 18 türgeniň gatnaşan 61 kilograma çenli agram derejede itekläp götermekde altyn (114 kilogram), silterläp götermekde kümüş (144 kilogram) hem-de iki görnüşiň jemi boýunça kümüş (258 kilogram) medala eýelik etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň