Dawid Melkumow haýran galdyrmakdan doýmaýar. Türkmenistanly pälwan indi 38 tonnalyk göteriji krany 8 metr süýşürmegi başardy.
Rekord Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, «Dag etek» kompaniýasynyň tehniki bazasynda goýuldy. Ol 8 metrlik ýoly 45 sekuntda geçdi. Bu gezek oňa «Tadano GR-500EXL» kysymly gidrawlik göteriji krany çekmek ynanyldy.
Synanyşykda ol ellerini ganat şekilinde açdy. Bu bolsa agyr ýükleri çekmegiň iň kyn usullarynyň biridir. Rekorda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we «Dag etek» kompaniýasynyň resmi wekilleri şaýat boldular.
«Dag etek» kompaniýasynyň menejeri Şöhrat Akyýew üstünlikli geçen synanyşykdan soňra, Dawidiň ozalky başaranlaryny diňe internetde görendiklerini aýdyp, bu gün onuň güýjüne öz gözleri bilen şaýat bolandyklaryny nygtady. «Biz munuň üçin bazamyzdaky iň agyr ulaglaryň birini saýladyk» diýip, ol habarçymyza gürrüň berdi.
Dawidiň özi hem öňünde goýan maksadyny başarandygyna diýseň begenýär. Ol «Shere Tea», «Umbro» ýaly hemaýatkärlerden gelen girdejini mümkinçilikli çäkli çagalaryň terbiýelenýän merkezlerine bagyşlamakçy.
«Turkmenportalyň» habar berşi ýaly, Dawid mundan ozal 20 tonnalyk awtobusy 8, 120 tonnalyk teplowozy 2,7 metr uzaklyga süýşürmegi başarypdy.