Turkmenportal logo
28.03.23
3788637886
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Beýik Britaniýada azyk önümleri we elektrik togy gymmatlaýar
Beýik Britaniýada azyk önümleri we elektrik togy gymmatlaýarSurat: avantage-travel.com

Beýik Britaniýada azyk önümleri we elektrik togy gymmatlaýar, olar önüm öndürijiler tarapyndan öndürilip ýetişdirilýänçä, iki esse çalt gymmatlaýar. Bu barada Patyşalygyň býujet jogapkärçiligi edarasy habar berdi diýip, «Habar 24» ýazýar.


Bilermenleriň çaklamalaryna görä, raýatlaryň satyn alyjylyk ukyby ýene üç-dört ýyldan dikeler. Ýurduň ykdysadyýeti 4 göterim kemeldi. Muňa Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy hem täsir etdi. Geçen ýylyň ahyrynda ýurtda hümmetsizlenme 41 ýyllyk görkezijini täzeläp, 11 göterim artdy.