Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Moskwada «Türkmendemirýollarynyň», Aşgabatda bolsa RŽD-niň wekilhanalary açylar

12:3428.03.2023
2
45363

«Russiýanyň demir ýollary» (RŽD) holdingi Aşgabatda, «Türkmendemirýollary» Agentligi bolsa Moskwada wekilhana açmagy meýilleşdirýär. Bu barada RŽD-niň resmi Telegram kanalynda habar berilýär.

«Rus we türkmen demirýollarynyň 2023-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň işi, şol sanda:

  • «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça ulag we logistika hyzmatlaryny ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki iş;
  • Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek;
  • Türkmen demirýollaryna sanly özgertmeleri we adam resurslaryny ösdürmäge ýardam bermek;

ýakyn wagtda Aşgabatda RŽD-niň, Moskwada bolsa «Türkmendemirýollary» Agentliginiň açylmagy» öz wagtynda ýerine ýetirilýär» diýlip, habarda aýdylýar..

Iki taraplaýyn gatnawda bolşy ýaly, Türkmenistanyň üsti bilen Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesinden Eýrana, şeýle-de Günorta Aziýa we Pars aýlagy ýurtlaryna hem demir ýol ýük daşamalarynyň mukdary köpeldi. 2023-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijelerine görä bu görkezijiler, takmynan, 220 müň tonna barabar bolar. Bu bolsa 2022-nji ýyldakydan iki esse ýokarydyr.

Öň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen RŽD-niň başlygy Oleg Belozerowyň Aşgabatda duşuşyp, demir ýol ulaglary pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdyklaryny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň