Soňky habarlar

Arhiw

Totyguş Hindistanda on ýyl mundan öňki jenaýaty açmaga kömek etdi

11:1028.03.2023
0
25751
Totyguş Hindistanda on ýyl mundan öňki jenaýaty açmaga kömek etdi
Surat: india.postsen.com

Hindistanyň kazyýeti mundan on ýyl öň jenaýat eden iki sany erkek kişä höküm çykardy, jenaýatyň üstüni açmaga totyguşyň görkezmesi kömek etdi diýip, «The India Today» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Jenaýat 2014-nji ýylda ýurduň Uttar-Pradeş ştatynyň Agra şäherinde boldy, ýerli gazetiň baş redaktory Wijaý Şarma ogly we gyzy bilen goňşy şähere toýa gitdi, öýde bolsa aýaly galdy. Ol yzyna dolananda, öýüniň talanandygyny, aýalynyň bolsa janyna kast edilendigini gördi. Polisiýa ýyllardyr jenaýatçyny tapyp bilmedi.

Öýde şol wagt totyguş galypdy, wakadan soňra ol iýip-içmegini bes edip, kapasasynda tukat oturmagy tapdy. Bu erkek kişiniň ünsüni çekdi we ol guşuň jenaýatyň şaýady bolup biljekdigi barada oýlandy. Munuň üçin hindistanly synag geçirmek kararyna geldi. Ol guşuň ýanynda jenaýaty edip biläýjek adamlaryň atlaryny sanap başlady. Haçanda, ol öz ýegeni Aşunyň adyny agzanda, toty «Aşu! Aşu!» diýip gaty gygyrmaga hem-de kapasada iki ýana urunmaga başlady.

Şarma hukuk goraýjylardan ýegeninden sorag etmegi talap etdi. Ýaş ýigit etmişini boýun aldy, ol jenaýaty dosty bilen bile eden ekeni.

Aradan on ýyl geçenden soňra, ýörite kazy Muhammad Raşit jenaýatçylaryň ikisini-de ömürlik tussag etmek barada höküm çykardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň