Turkmenportal logo
27.03.23
3549835498
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär

Geçen ýekşenbede Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Birleşen Arap Emirliklerindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişdi. Bu barada SR9 Event Management habar berýär.


«Türkmenistan: Altyn asyr» saýty ozal bu ýygnanyşygyň 30-njy marta çenli dowam etjekdigini habar beripdi.


Türkmen ýygyndysy şu gün bu ýerde ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. «Haur-Fakkan» topary bilen geçirilen duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.


Türkmenistanyň ýygyndysy bu ýygnanyşyk bilen Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görýär. Bijeleri şu baharda geçiriljek saýlama duşuşyklara şu ýylyň güýzünde badalga berler.