Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysy «Sambony esaslandyryjylaryň kubogyny» 5 medal bilen tamamlady

14:4927.03.2023
0
28621

Moskwa şäherinde «Sambony esaslandyryjylaryň kubogy» atly halkara ýaryş geçirildi.

10 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda erkekler we zenan türgenler hem sambo, hem söweş sambosy boýunça agram derejeleriniň 7-sinde güýç synanyşdylar. Halkara ýaryşda baýrakly orunlar üçin Türkmenistanyň, Russiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň we Marokkonyň samboçylary göreşdiler.

Iki günläp dowam eden halkara ýaryşy türkmen ýygyndysy 5 medal bilen tamamlady. Olaryň biri altyn, dördüsi bürünç medaldyr.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýeke-täk altyn medalyny ýaryşyň birinji gününde 98 kilograma çenli agram derejesinde söweş sambosy boýunça ýaryşlara gatnaşan Babajan Iwadullaýew gazandy. Sport sambosy boýunça Sapar Döwletow (64 kilogram), Begenç Baltaýew (79 kilogram), söweş sambosy boýunça Mämmetgurban Mämmetgurbanow (88 kilogram) we Meýlis Nyýazmeňliýew (64 kilogram) dagylar hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Bu halkara ýaryş ozal «A.A.Harlampiýewiň memorialy» diýlip atlandyrylýardy. Ýaryş 2009-njy ýylda Dünýä kubogy derejesine göterildi. Soňky bir ýylyň içinde bolsa ol «Sambony esaslandyryjylaryň kubogy» diýlip atlandyrylýar. Has takygy, halkara ýaryş häzir sportuň bu görnüşini esaslandyrmakda uly yz goýan Anatoliý Harlampiýewiň, Wasiliý Oşepkowyň we Wiktor Spiridonowyň hatyrasyna geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň