Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäheriniň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi

12:3327.03.2023
0
73753

Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Arkadag şäherine degişli wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki mejlis geçirildi. Mejlise Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Bilelikdäki mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Arkadag şäherinde degişli gulluklara we bölümlere ýolbaşçylary bellemek boýunça hasabatlar bilen çykyş etdiler. Hasabatlara laýyklykda, aşakda görkezilen adamlar Arkadag şäheriniň edaralarynyň ýolbaşçylary wezipelerine bellendi.

Arkadag şäheriniň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport edaralarynyň ýolbaşçylary:

Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň başlygy wezipesine Ýanwar Annaýew, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory wezipesine Aýjahan Babaýewa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory wezipesine Maýa Öküzowa, Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri wezipesine Ýusup Işangulyýew, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory wezipesine Mergen Nazarow, Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesine Allanur Hajymyradow, Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň saglyk öýi boýunça orunbasary wezipesine Hemraguly Haşyrow, Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň «Tiz kömek» merkezi boýunça orunbasary wezipesine Şöhratniýaz Meredow, Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Onkologiýa merkezi boýunça orunbasary wezipesine Rejep Orazberdiýew, Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi boýunça orunbasary wezipesine Bahar Orazmyradowa, Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy boýunça orunbasary wezipesine Seýitniýaz Annaçaryýew, Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň başlygy wezipesine Ýusupmyrat Baýjaýew, Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynyň direktory wezipesine Berdimämmet Atdyýew, Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynyň direktory wezipesine Kerwenguly Çargulyýew, Arkadag şäheriniň sport merkeziniň direktory wezipesine Gurbannazar Öwezsähedow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory wezipesine Pygy Baýramdurdyýew, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň başlygy wezipesine Döwrangylyç Purryýew bellendi.

Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň Arkadag şäheri boýunça ýolbaşçylary:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy wezipesine Orazgül Pygamowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň başlygy wezipesine Annamyrat Ýollyýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy wezipesine Serdar Begmyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň başlygy wezipesine Mekan Amanlyýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy wezipesine Arslan Täşliýew, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Arkadag şäher bölüminiň başlygy wezipesine Arslan Gökjäýew saýlandy.

Arkadag şäheriniň medeniýet ulgamyna degişli edaralarynyň ýolbaşçylary:

Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň baş direktory wezipesine Baýramdurdy Baýramdurdyýew, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň direktory wezipesine Ýazberdi Hydyrow, Arkadag şäher Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory wezipesine Nurmyrat Annaçaryýew, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesine Serdar Ataýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň direktory wezipesine Aýlar Nurmämmedowa bellendi.

Arkadag şäheri boýunça obasenagat toplumyna degişli düzümlere bellenen ýolbaşçylar:

Arkadag şäher Oba hojalyk müdirliginiň başlygy wezipesine Öwezgeldi Pirliýew, Ýer serişdeleri gullugynyň Arkadag şäher Ýer serişdeleri müdirliginiň başlygy wezipesine Batyr Orazmämmedow, Arkadag şäher Daşky gurşawy goramak müdirliginiň başlygy wezipesine Güýçgeldi Ýagşygeldiýew bellendi.

Arkadag şäheriniň energetika, gurluşyk boýunça degişli edaralarynyň ýolbaşçylary:

«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Arkadag şäher önümçilik birleşiginiň baş direktory wezipesine Hemra Gurbannazarow, «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň Arkadag şäher müdirliginiň başlygy wezipesine Azymmuhammet Magtymow bellendi.

Arkadag şäher Alyjylar jemgyýeti müdirliginiň başlygy wezipesine Hojamuhammet Muhammedow bellendi.

«Arkadag şäher gazüpjünçilik» müdirliginiň başlygy wezipesine Hally Saryýew bellendi.

Arkadag şäherindäki ulag we kommunikasiýalar edaralarynyň ýolbaşçylary:

Arkadag şäher Aragatnaşyk müdirliginiň başlygy wezipesine Eziz Kerimow, Arkadag şäher Poçta aragatnaşyk merkeziniň başlygy wezipesine Şöhrat Güjümow, «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Arkadag şäher müdirliginiň başlygy wezipesine Begenç Pälwanow, Arkadag şäheriniň Awtomenzili we awtotoplumy müdirliginiň başlygy wezipesine Süleýmangeldi Atageldiýew bellendi.

Arkadag şäheriniň maliýe, ykdysadyýet, bank edaralarynyň ýolbaşçylary:

Arkadag şäher Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygy wezipesine Serdar Öwezberdiýew, Arkadag şäher Salgyt müdirliginiň başlygy wezipesine Şyhmuhammet Şyhymow, Arkadag şäher Statistika müdirliginiň başlygy wezipesine Döwletgeldi Annaberdiýew, Arkadag şäheriniň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň başlygy wezipesine Mämmetmyrat Berdiýew, Arkadag şäher Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň başlygy wezipesine Şirmyrat Hojamuhammedow, Arkadag şäher Döwlet ätiýaçlandyryş müdirliginiň başlygy wezipesine Gökçeamangeldi Paýçyýew, Arkadag şäheriniň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine Hojamyrat Annaýew, Arkadag şäheriniň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Amandurdy Baýlyýew, Arkadag şäheriniň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Şanazar Bäşimow, Arkadag şäheriniň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Yhlas Orazberdiýew, Arkadag şäheriniň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine Arslan Nazarow bellendi.

Arkadag şäheri boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň täze bellenen ýolbaşçylary:
Arkadag şäheriniň prokurory wezipesine Magtymguly Öwezgeldiýew, Arkadag şäher Döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy wezipesine Nurberdi Weliýew, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Arkadag şäher müdirliginiň uly döwlet bellige alyjysy wezipesine Myrat Geldiýew, Arkadag şäher harby wekili wezipesine Serdar Hommadow, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri wezipesine Süleýman Ataýew, Arkadag şäher Ýangyna garşy göreş müdirliginiň başlygy wezipesine Nurberdi Taýmazow, Arkadag şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine Maksat Herräýew bellendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň