Turkmenportal logo
27.03.23
2820628206
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeşiň ýolbaşçylaryny we halkyny Respublikanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeşiň ýolbaşçylaryny we halkyny Respublikanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Abdul Hamide, Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina we ýurduň halkyna Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammad Abdul Hamide, Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Bangladeşiň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.