Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan sambony esaslandyryjylaryň hatyrasyna geçirilýän halkara ýaryşyň birinji gününde dört medal gazandy

21:3826.03.2023
0
28008

Moskwada guralan Sambony esaslandyryjylaryň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň birinji gününde türkmenistanly pälwanlaryň 4 medaly bellige alyndy. Şolardan biri altyn, üçüsi bolsa bürünç medallardyr.

Iri halkara ýaryşlaryň ençemesinde tapawutlanmagy başaran Babajan Iwadullaýew 98 kilogramdan ýokary agramda söweş sambosyndan geçen ýaryşda ýeňiji boldy.

Sapar Döwletow (64 kg-e çenli agramda) we Begenç Baltaýew (74 kg-e çenli agramda) sport sambosyndan bürünç medallara mynasyp boldular. Mätgurban Mätgurbanow bolsa söweş sambosyndan (88 kg-e çenli agramda) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Türkmen türgenleriniň gazanan netijeleri Bütinrussiýa Sambo federasiýasynyň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Ýaryşlar agramlaryň ýedisi boýunça geçirildi. Halkara ýaryş Türkmenistandan, Russiýadan, Koreýadan, Gyrgyz Respublikasyndan, Belarusdan, Özbegistandan, Ermenistandan, Hytaýdan, Täjigistandan we Marokkodan iň güýçli samboçylary jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň