Turkmenportal logo
26.03.23
1886418864
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň kubogynyň finalçylary belli boldy
Zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň kubogynyň finalçylary belli boldy

Zenanlaryň arasynda geçirilýän futzal boýunça Türkmenistanyň kubogynda finala çykan toparlar belli boldy.


Bu abraýa geçiren duşuşyklarynda netijeli oýun görkezen Mary welaýatynyň «Olimp» hem-de paýtagtyň «Altyn täç» toparlary mynasyp boldular. Üçünji orun ugrunda geçiriljek duşuşykda «Ahal» bilen «Balkan» toparlary güýç synanyşarlar.


Ýurdumyzyň Kubogyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleýji duşuşygy 27-nji martda geçiriler.


5-6-njy hem-de 7-8-njy orunlary kesgitlemek üçin geçirilen deslapky duşuşyklar:


«Miras» – «Aşgabat»

2-0

«Nokat» – «Daşoguz»

1-7


Ýarymfinal


«Olimp» – «Ahal»

12-1

«Balkan» – «Altyn täç»

0-13


27.03.2023 ý.


«7-nji orun üçin»

«Aşgabat» – «Nokat»

«5-nji orun üçin»

«Miras» – «Daşoguz»

«3-nji orun üçin»

«Ahal» – «Balkan»

«FINAL»

«Olimp» – «Altyn täç»