Turkmenportal logo
26.03.23
1831818318
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýran kenarýaka futboly boýunça Aziýanyň kubogyna mynasyp boldy
Eýran kenarýaka futboly boýunça Aziýanyň kubogyna mynasyp boldy

Eýranyň ýygyndysy taryhynda üçünji gezek kenarýaka futboly boýunça Aziýanyň çempiony boldy. Tailandda geçirilen yklym ýaryşynyň finalynda Moslem Mesigaryň şägirtleri Ýaponiýanyň ýygyndysyny 6:0 hasabynda ýeňdiler.


Şeýle hem Omanyň ýygyndysy BAE-niň ýygyndysyny 4:2 hasabynda ýeňip, bürünç medalyň eýesi boldy.


Kenarýaka futboly boýunça Aziýanyň kubogy 2006-njy ýylda esaslandyryldy. 2009-njy ýyldan bäri bolsa bu ýaryş her iki ýyldan bir gezek geçirilýär.