Ilkinji dört sagatda Türkmenistanda Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda saýlawçylaryň 43,73% ses berdi

11:3026.03.2023
0
29093

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 11-e çenli saýlawçylaryň 43,73% ses berdi. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary resmi saýtynda mälim etdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 43,81%, Balkan welaýatynda 42,95%, Daşoguz welaýatynda 42,85%, Lebap welaýatynda 43,93%, Mary welaýatynda 45,13%, Aşgabat şäherinde 42,83% ses berdiler.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça sagat 11-е çenli saýlawçylaryň 43,66% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 43,81%, Balkan welaýatynda 40,06%, Daşoguz welaýatynda 42,85%, Lebap welaýatynda 43,93%, Mary welaýatynda 45,13%, Aşgabat şäherinde 44,04% ses berdiler.

Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça sagat 11-е çenli saýlawçylaryň 42,60% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 43,81%, Balkan welaýatynda 31,76%, Daşoguz welaýatynda 41,16%, Lebap welaýatynda 43,91%, Mary welaýatynda 44,73% ses berdiler.

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 9-a çenli saýlawçylaryň 22,01% ses berdi.

Häzirki wagtda ses bermek dowam edýär. Saýlaw uçastoklarynda ses bermek 19:00-da tamamlanar.

Ozal habar berşimiz ýaly, saýlawlar boýunça saýlawçylaryň jemi 3496304-si hasaba alyndy. Has takygy, Ahal welaýatynda 452822-si, Balkan welaýatynda 288808-si, Daşoguz welaýatynda 745706-sy, Lebap welaýatynda 728786-sy, Mary welaýatynda 809943-si, Aşgabat şäherinde 470239-sy hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň