Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Mejlisiň saýlawlary öz işine başlady

07:0526.03.2023
0
24850

Şu gün irden sagat 07:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek üçin döredilen saýlaw uçastoklarynyň ählisi saýlaw hukukly raýatlar üçin gapylaryny açdy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw uçastoklary degişli etrap, şäher saýlaw topary tarapyndan yzygiderli tertip boýunça belgilenip, saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmagy üçin amatly bolar ýaly tertipde döredilýär. Umuman, şu gezekki saýlawlar üçin tutuş ýurdumyz boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň jemi 2644-sinde, şol sanda Aşgabat şäherinde 312-sinde, Ahal welaýatynda 365-sinde, Balkan welaýatynda 272-sinde, Daşoguz welaýatynda 536-synda, Lebap welaýatynda 567-sinde, Mary welaýatynda 550-sinde ses bermäge mümkinçilik bar.

Şeýle-de daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukugyny üpjün etmek maksady bilen, Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy esasynda döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyňdyr konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi.

Saýlaw uçastoklarynda ses bermek 19:00-da tamamlanar.

Ozal habar berşimiz ýaly, saýlawlar boýunça saýlawçylaryň jemi 3496304-si hasaba alyndy. Has takygy, Ahal welaýatynda 452822-si, Balkan welaýatynda 288808-si, Daşoguz welaýatynda 745706-sy, Lebap welaýatynda 728786-sy, Mary welaýatynda 809943-si, Aşgabat şäherinde 470239-sy hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň