Turkmenportal logo
25.03.23
2542625426
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde ozalky ornunda galdy
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde ozalky ornunda galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde ýene-de 137-nji orunda galdy.


FIFA zenanlaryň arasyndaky dünýä reýtingini mundan ozal 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda täzeläpdi. Şondan bäri zenanlar ýygyndylarynyň arasynda jemi 112 duşuşyk hasaba alyndy. Olaryň arasynda Awstraliýada we Täze Zelandiýadadaky dünýä çempionatynyň ple-off duşuşyklary we köp sanly ýoldaşlyk oýunlary hem bar.


Sanawyň başyny ABŞ-nyň milli ýygyndysy çekýär. Ikinji orunda Germaniýanyň, üçünji orunda Şwesiýanyň ýygyndylary bar. Angliýa bilen Fransiýa bolsa ilkinji bäşligi jemleýär. Dünýä çempionatyny kabul eden Awstraliýa iki basgançak süýşüp, 10-njy orunda ýerleşdi.


Sloweiýadan, GAR-dan we Zambiýadan ýeňlen Özbegistanyň ýygyndysy 49-njy orundan 50-nji orna süýşdi. Özbek ýygyndysy Aziýanyň toparlaryň arasynda ilkinji 10-luga girýär. Şeýle hem sanawda Gyrgyzystan 123-nji, Gazagystan 101-nji, Täjigistan 144-nji orunda ýerleşýär.


Bu sanawa ilkinji gezek Kabo-Werde (133-nji orun) bilen Saud Arabystany (171-nji orun) hem girdi.