Arhiw

«Žalgiris» türkmenistanly futbolçy Musaskaýa bilen şertnama baglaşylandygyny tassyklady

16:5225.03.2023
0
23748

«Žalgiris» kluby türkmenistanly futbolçy Maýa Musaskaýa bilen şertnama baglaşylandygyny tassyklady. Bu batada Litwa klubynyň resmi saýty habar berýär. Öňräk Turkmenportal futbolçynyň täze toparynda ilkinji duşuşygyny geçirendigi barada ýazypdy.

«Türkmenistanda doglan we Türkiýäniň ýokary dwizionynda futbol oýnan Maýa Musaskaýa 2023-nji ýylda Litwa geldi. Ol Zenanlaryň arasynda A ligasynyň şu möwsüminde biziň merkezi goragçymyz hökmünde toparyň üstünlikleri üçin göreşer. Täze möwsümiň düşümli bolsun, Maýa!» diýip, «Žalgirisiň» metbugat gullugy ýazdy.

«Žalgiris» kluby Litwanyň Wilnýus şäherine wekilçilik edýär. 2013-nji ýylda esaslandyrylan topar häzirki wagtda zenanlaryň arasyndaky ýurduň çempionatynyň A ligasynda ýaryşýar.

Litwa kluby türkmenistanly futbolça 80-lik belgili köýnekçäni berdi. Ozal Türkiýäniň «Dudullu spor» toparynda çykyş eden Maýanyň türkmenistanly zenan futbolçylaryň arasyndaky ilkinji legionerdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň