Turkmenportal logo
25.03.23
2353623536
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Myrat Ýagşyýew «Neftçidäki» ilkinji duşuşygyny geçirdi
Myrat Ýagşyýew «Neftçidäki» ilkinji duşuşygyny geçirdi

«Muras Ýunaýtes» futbol boýunça Nowruz kubogynda «Neftçini» ýeňdi ― diýip, Gyrgyzystanyň Futbol birleşiginiň resmi saýty habar berýär.


Jalal-Abad şäherindäki «Kurmanbek» stadionynda geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde bolsa «Muras Ýunaýted» garşydaşyny 4:3 hasabynda ýeňdi.



Şeýlelikde, Goçgarata şäheriniň «Neftçisiniň» türkmenistanly hüjümçisi Myrat Ýagşyýew täze toparyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Ol meýdana 11 belgili köýnekçede çykdy.


Ýagşyýewiň «Neftçä» hut şu aýda goşulandygyny ýatladýarys. Ol topar bilen bir möwsümlik şertnama baglaşdy. 31 ýaşly futbolçy AFK-nyň kubogynda 28, milli ýygyndyda 12 duşuşyk geçirdi.