Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Mejlisiň saýlawlarynyň öňüsyrasynda «ümsümlik güni» başlandy

11:4125.03.2023
0
33190

Şu gün Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň öňüsyrasynda «ümsümlik güni» başlandy.

25-nji martdan başlap, ýurtda islendik saýlaw wagyz-ündewleri gadagan edildi. Şeýle-de bolsa, ozal saýlaw toparlarynyň we saýlaw uçastoklarynyň binasynyň daşynda ýerleşdirilen çap wagyz-ündew materiallary öňki ýerlerinde galyp biler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň habaryna görä, öňde boljak saýlawlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 258, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 515, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001, Geňeşleriň agzalygyna 12098 hasaba alyndy. Olar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, şeýle hem dalaşgärlerini hödürläp biljek raýat toparlaryna wekilçilik edýärler.

Saýlawlar 26-njy martda Aşgabat wagty bilen sagat 7:00-dan 19:00-a çenli geçiriler. Ses berişlige 18 ýaşyna ýeten Türkmenistanyň ähli raýatlary gatnaşyp bilerler. Ses bermek üçin ýanyňda Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň bolmagy hökmanydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň