Uganda çig mal gorlarynyň akylly-başly ulanylan halatynda dünýäde ilkinji ösen ykdysadyýetli döwlet bolup biler. Bu barada Gündogar Afrika respublikasynyň Prezidenti Ýoweri Kaguta Museweni «New Vision» gazetine beren interwýusynda aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Biziň ykdysadyýetimiz dünýäde ilkinji orna çykyp biler. Häzir ol ortaça girdejili derejä çykýar, emma ol has tiz ösüp biler» diýip, Ugandanyň döwlet Baştutany nygtady.
Museweni şeýle-de Ugandanyň kofe satuwyndan girdejilerini 900 million dollardan 10 milliard dollara çenli artdyryp biljekdigini habar berdi. Onuň pikiriçe, Afrika yklymynda polat önümçiligi senagatynyň ösüşi üçin maýa goýumçylar uly gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa, geljekde sebit üçin bu önümi Hytaýdan, Ukrainadan we Russiýadan satyn almak zerurlygyny aradan aýrar.
Ugandanyň Prezidentiniň sözlerine görä, ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklary oba hojalygy, peýdaly magdanlaryň (demir, polat, mis, fosfatlar, kobalt, altyn, nikel, litiý we niobiý) gazyp alynmagy hem-de agaç materiallarynyň önümçiligi bolup durýar.
Ýanwarda Ugandanyň taryhda ilkinji gezek nebit çykarmak boýunça buraw enjamyny ulanyşa girizendigi habar berlipdi.