Şomurodow özbek ýygyndysynda Boliwiýa bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş getirdi

01:0325.03.2023
0
21888

Italiýanyň «Spesiýasynyň» hüjümçisi Eldor Şomurodow Boliwiýanyň ýygyndysy bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygynda özbek ýygyndysyna ýeňşi getiren goly geçirdi.

Saud Arabystanyndaky «Patyşa Abdalla Sport Siti» stadionynda geçirilen duşuşyk Özbegistanyň ýygyndysynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini Şomurodow 36-njy minutda geçirdi.

Sreçko Katanesiň şägirtleri bu ýerde 28-nji martda Wenesuelanyň ýygyndysy bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Şu ýylyň ýanwarynda «Romadan» «Spesiýa» kärendä berlen 27 ýaşly özbegistanly hüjümçi Italiýada eýýäm üçünji toparynyň köýnekçesini geýýär. «Romadan» ozal ol «Ženoada» hem futbol oýnapdy.

Şomurodowyň topary Italiýanyň çempionatyndaky 27 duşuşykda toplan 24 utugy bilen 17-nji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň