Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi ХХХ Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşdy

12:3924.03.2023
0
28705
Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi ХХХ Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşdy
Surat: belta.by

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew XXX Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşdy.

Türkmen ilçisi sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, kitabyň gymmaty hem-de halkara derejede geçirilýän bu çäräniň ähmiýeti dogrusynda durup geçdi.

— Geçen ýylky sergi-ýarmarkasy birinji günde 9 müň töweregi, ikinji gün 8 müňden gowrak adamy ýygnady. Bu meýdançada şahyrlar, kitap neşir edýänler, okyjylar bilen duşuşmak elmydama ýakymly — diýip, N.Şagulyýew öz çykyşynda belledi.

Türkmen diplomatynyň belleýşi ýaly, kitap sergi-ýarmarkasyna geçen ýyl on üç ýurt gatnaşan bolsa, bu ýyl olaryň sany ýigrimä golaýlady. Diplomat muny kitabyň parahatçylyk paýlaýandygy bilen düşündirdi.

— Kitap parahatçylyk paýlaýar. Parahatçylyk bolup dursa, biz bu kitaplarda ýazylan zatlara terjimesiz hem düşüneris — diýip, N.Şagulyýew nygtaýar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýyl XXX Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasy 22 — 26-njy mart aralygynda «Serhetsiz kitap dünýäsi» şygary astynda geçirilýär. Sergide türkmen diwarlygy hem guraldy. Diwarlykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy we edebi eserleri, şeýle-de türkmen edebiýaty, medeniýeti bilen tanyşdyrýan kitaplar, surat albomlary ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň