Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň we Eýranyň futbol ýygyndylarynyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy deňlikde tamamlandy

09:3724.03.2023
0
38074

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Tähran şäherinde Eýranyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşykda hasaby ilki bilen 28-nji minutda russiýaly ýarym goragçy Anton Mirançuk açdy. Eýranyň ýygyndysy bu gola 47-nji minutda Mehdi Tameriniň 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlanmagynda jogap berdi.

Iki ýygyndy taryhynda üçünji gezek duşuşdy. 2011-nji ýyldaky ýoldaşlyk duşuşygynda eýranlylar 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdylar. 2017-nji ýyldaky duşuşyk bolsa 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň