Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Sergeý Lebedew bilen duşuşdy

22:0123.03.2023
0
44471

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretaryny mähirli mübärekläp, Arkalaşygyň synçylar toparynyň Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek saýlawlara synçy hökmünde gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

GDA-nyň Baş sekretary mähirli kabul edilendigi hem-de GDA-nyň synçylar toparynyň netijeli işlemegine ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, saýlawlara taýýarlygyň halkara kadalara laýyk gelýän ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Myhman saýlawlaryň üstünlikli hem-de türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşyndaky ähli möhüm wakalara mahsus ruhubelentlik we jebislik ýagdaýynda geçjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljegi, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy. Bitarap Türkmenistanyň, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Arkalaşygyň giňişliginde söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, obasenagat toplumy, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlarda işewür düzümleriň ugry boýunça, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meseleleriniň çözülmegine Türkmenistanyň işjeň we başlangyçly gatnaşýandygy aýdyldy.

GDA-nyň çäklerinde parlamentler derejesinde netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Sergeý Lebedew ynanyşykly ýagdaýda geçen söhbetdeşlik üçin hoşallygyny bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda we umuman, Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde, onuň halkara abraýynyň has-da belende galmagynda bitiren ägirt uly hyzmatyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew birek-birege jan saglygyny we üstünlikleri arzuw edip, GDA-nyň çäklerinde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň