Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi kabul edildi

18:1723.03.2023
0
32495
Aşgabatda Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi kabul edildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen, Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Eduardo Antonio Zuaýnyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurylyşyň çäklerinde daşary işler ministriniň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň ähmiýeti nygtalyp, taraplar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny belläp geçdiler. Şeýle hem söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi boýunça pikir alyşdylar.

Halkara guramalaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmagyň çäklerinde taraplar halkara meýdançalarynda ýurtlaryň başlangyçlaryny mundan beýläk hem goldamagy ylalaşdylar.

Şeýle hem medeniýet, sport we saglygy goraýyş pudaklarynda bilelikdäki işleriň işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň