Turkmenportal logo
23.03.23
3012130121
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sergeý Lebedew saýlaw uçastoklaryna aýlanyp gördi
Sergeý Lebedew saýlaw uçastoklaryna aýlanyp gördi Surat: e-cis.info

Şu gün Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew we toparyň wekilleri 29-njy mekdepde ýerleşýän 84-nji saýlaw uçastogyna baryp gördüler.



Şeýle hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýerleşýän 42-nji saýlaw uçastogynda saýlaw komissiýasynyň agzalary synçylara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk barada habar berdiler. A.Kekilowyň adyndaky mugallymçylyk mekdebindäki 31-nji saýlaw uçastogynda hem saýlaw uçastoklarynyň ses beriş tertibine görülýän taýýarlyk barada gürrüň berildi.


Arkalaşygyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Sergeý Lebedew hem öz gezeginde GDA-nyň toparynyň işiniň ýörelgeleri barada çykyş etdi.



Ozal Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradowyň Aşgabada sapar bilen gelen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşandygy barada habar beripdik.