Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň Medeniýet günlerini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

18:0423.03.2023
0
25299
Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň Medeniýet günlerini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşdy.

22-nji martda geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de esasy ugurlary kesgitlenildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

2023-nji ýylda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi nukdaýnazaryndan, TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynda meýilleşdirilýän möhüm çäreleriň tertibine, guramaçylyk we mazmuny bilen bagly meselelere seredip geçdiler. Hususan-da, şu ýylyň iýunynda Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň Medeniýet günlerini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

TÜRKSOÝ ugry boýunça möhüm senelere bagyşlanyp geçiriljek bilelikdäki çäreleriň — 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary — Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi, şol sanda Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň toplumynyň geçirilmegi hem-de şol ýylda gadymy türkmen şäheri — Änewi türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi boýunça meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň