Malaýziýa bilen boljak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň başlangyç düzümi mälim edildi

18:3223.03.2023
0
44800

Malaýziýanyň ýygyndysy bilen boljak ýoldaşlyk duşuşygy üçin Türkmenistanyň ýygyndysynyň başlangyç düzümi yglan edildi.

Türkmen ýygyndysy meýdana şu düzüm bilen çykar: Resul Çaryýew (derwezeçi), Şöhrat Söýünow, Ata Geldiýew (kapitan), Ruslan Mingazow, Elman Tagaýew, Didar Durdyýew, Ybraýym Mämmedow, Ilýa Tamurkin, Abdy Bäşimow, Altymyrat Annadurdyýew, Resul Hojaýew.

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň futbol ýygyndylarynyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy Johor ştatyndaky Soltan Ibragim adyndaky stadionda geçiriler.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19-da başalanar.

Bu duşuşyk türkmen ýygyndysy üçin baş tälimçi Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji oýun bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň