Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi Berliniň tebigy taryhy muzeýi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär

17:3923.03.2023
0
33393
Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi Berliniň tebigy taryhy muzeýi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär
Surat: muzei-mira.com

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi Berliniň Tebigat ylymlary muzeýi bilen özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdi. Bu barada Türkmeniň Germaniýadaky ilçihanasy tarapyndan habar berildi.

Diplomatik ýollar arkaly geçirilen gol çekişme Türkmenistanda bilelikdäki gözleg taslamalaryny, şol sanda meýdan we gözleg ekspedisiýalaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik döredýär diýlip, habarda bellenilýär.

Belläp geçsek, Leýbniz adyndaky Ewolýusiýa we biodürlülik institutynyň toparyna degişli bolan Tebigat ylymlary muzeýi 1810-njy ýylda gaýtadan açyldy. Onda 30 milliondan gowrak zoologik, paleontologik we mineralogik eksponatlar ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň