Almaty — Aşgabat uçuşlary üçin petekleri nireden satyn almalydygy belli boldy

17:2523.03.2023
0
52501

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 28-nji martdan Aşgabatdan Almaty şäherine (Gazagystan) we yzyna yzygiderli uçuşlary gaýtadan ýola goýýar.

Uçuşlar Aşgabat (ASB) — Almaty (ALA) — Aşgabat (ASB) ugry boýunça hepdede iki sapar sişenbe we penşenbe günlerinde amala aşyrylar.

Türkmenistana awiopetekleri Gazagystanda aşakdaky salgylarda alyp bilersiňiz:

  • EurAsiaTransit Logistics & Beyond
    050012, Almaty şäheri
    Köç. Amangeldy 64a, 3-nji gat
    «Alma» söwda merkezi
    Telefon belgisi: +77273399393
  • EurAsiaTransit Logistics & Beyond
    050039, Almaty şäheri
    Köç. Ahmetowa, 51B (Zakarpatskaýa)
    Telefon belgisi: +77273399393
    (wn. 139)
  • Alavia Express
    Almaty şäheri, pr. Al-Farabi, 17
    «Nurly-Tau» söwda merkezi, K4B
    Telefon belgisi: +77272506766
    alavia@air.kz
  • Transavia
    Almaty şäheri, mkr Keremat, 5-nji bina, 17-nji blok (köç. Seýfullina)
    Telefon belgisi: +77273150414
    sales@transavia.kz

Aşgabatdan Almaty şäherine awiopetekleri www.turkmenistanairlines.tm web sahypasyndan «Altyn Asyr» bank karty bilen satyn alyp bilersiňiz. 2023-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabatdan Almaty şäherine petekleriň bahasy 3587 manat 50 teňňe (2023-nji ýylyň 23-nji martyndaky ýagdaýa görä) bolar.

COVID-19 pandemiýasy sebäpli Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky yzygiderli uçuşlaryň 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň