Türkmenistan ― Malaýziýa ýoldaşlyk duşuşygy Malaýziýanyň iki teleýaýlymynda görkeziler

17:0523.03.2023
0
52139

Şu gün, 23-nji martda Jahor ştatyndaky Soltan Ibragim stadionynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19:00-da başlanar.

Duşuşyga Malaýziýanyň iki teleýaýlymy ― TV9 we Astro Arena teleýaýlymlary tarapyndan göni ýaýlymda tomaşa edip bolar. Bu barada teleýaýlymlar resmi saýtlarynda habar berdiler.

Malaýziýanyň ýygyndysy bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygy türkmen ýygyndysy üçin 2023-nji ýyldaky ilkinji oýun boldy. Milli ýygyndy ahyrky duşuşygyny geçen ýylyň 14-nji iýunda Bahreýn bilen geçirip, 0:1 hasabynda asgyn geldi.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ýygyndylary taryhynda ikinji gezek duşuşýar. Geçen ýylyň 8-nji iýunynda Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşyk Malaýziýanyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Bu duşuşykdan soň Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Abu-Dabi şäherinde (BAE) okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň