Turkmenportal logo
23.03.23
3102531025
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistana Russiýanyň Kostroma sebitinden agaç önümleri eksport edildi
Türkmenistana Russiýanyň Kostroma sebitinden agaç önümleri eksport edildi

Russiýanyň Federasiýasynyň Kostroma sebitinde öndürilen agaç önümleriniň birnäçe tapgyry Türkmenistana eksport edildi. Bu barada «Rosselhoznadzor»-yň resmi web sahypasynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, «Rosselhoznadzor»-yň Wladimir, Kostromo hem-de Iwanowo sebitleri boýunça müdirlikleriniň hünärmenleri hepdäniň başyndan bäri 5 müň kub metrden gowrak agaç önümleriniň Kostroma sebitiniň çäginden dünýäniň 8 ýurduna eksport edilmegine gözegçilik etdiler.


Şeýlelik bilen, 1918,4 kub metr agaç önümi Türkmenistana, Özbegistana, Yraga, Täjigistana, Gazagystana, Hytaýa, Gyrgyzystana hem-de Türkiýä iberildi. Eksport edilen önümlere jemi 110 sany fitosanitar şahadatnamalary gowşuryldy.