Şu gün «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda Kanun çap edildi.
Kanuna laýyklykda, 2008-nji ýylyň 25-nji iýunyndaky «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 87-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda №4, 134-nji madda) 22-nji maddasynyň birinji böleginiň 22-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly: «22¹) senagat gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça iş;».
Türkmenistanyň Prezidentiniň 16-njy martda gol çeken Kanuny şu gün «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.