Soňky habarlar

Arhiw

Torsuk Niderlandlarda otlularyň hereketini saklady

10:0323.03.2023
0
25411
Torsuk Niderlandlarda otlularyň hereketini saklady
Surat: bbc.com

Niderlandlaryň Hertogenbos we Bokstel şäherleriniň arasyndaky otly gatnawy ikinji gezek ýapyldy. Sebäbi demir ýol pürsleriniň aşagynda sakartorsugyň ullakan hini tapyldy diýip, «Pro Rail» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Torsuklar ýurtda döwlet tarapyndan goralýar, şonuň üçin olary süreninden kowmak gadagandyr. Munuň üçin ýörite rugsatnama almak we hünärmenleri çagyrmak gerek. Olar torsuklary tutup, demir ýoldan uzakdaky «emeli gala» ýerleşdirýärler. Häzirlikçe ýolagçylara awtobuslardan peýdalanmak maslahat berildi, sebäbi otlularyň hereketi näbelli möhlete çenli togtadyldy.

Öň Meksikada ýenot Akapulko şäher geňeşiniň ýygnagyny bölüpdi. Haýwanjyk üçekden patlap ýygnak jaýyna gaçdy we deputatlary gorkuzdy. Ahyry ol gapyny tapyp, gaçyp gitdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň